Iki ÝOJ-nyň harby kafedralary ýapyldy

soldaty

Arhiwimizden alnan surat

11.11.2014 Myrat Gurbanow (Azatlyk Radiosy)
Ýurduň käbir ýokary okuw jaýlarynyň harby kafedralary ýapyldy. Ýokary okuw jaýynyň öz adynyň tutulmagyny islemedik bir mugallymynyň aýtmagyna görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki we S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetindäki harby kafedralar ýapyldy.

Harby kafedralary bolan ýokary okuw jaýlarynyň studentleri beýleki studentlerden tapawutlylykda okuwdan soň armiýada gulluk etmeli däldi. Emma harby kafedralaryň ýapylmagy bilen bu ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem, okuwlaryny tamamlanlaryndan soň, beýleki ýokary bilimliler bilen bir hatarda armiýada bir ýyl gulluk ederler.

Şeýlelikde ýurduň 19 sany ýokary okuw jaýlaryndan mundan beýläk diňe Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetindäki, Türkmen döwlet ulag we transport hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlaryndaky harby kafedralary işlär. Bu agzalan ýokary okuw jaýlarynyň ikisiniň harby kafedralarynyň ýapylmagy we onuň sebäpleri barada resmi taýdan habar serişdelerinde hiç hili habar ýa-da bildiriş berilmedi.

Beýlekiler

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurduň harby bolmadyk ýokary okuw jaýlarynyň diňe 5 sanysynda harby kafedralar bardy. Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylda ýurduň dört sany ýokary okuw jaýynda harby kafedralary açmak barada karara gol çekipdi. Şol karara laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we transport hem-de şol wagtky Politehniki, häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlarynda harby kafedralar açylypdy. Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde harby kafedra öňden bardy.

Gürrüňi gidýän okuw jaýlaryndaky bu harby kafedralarda Türkmenistanyň harby güýçleri üçin ätiýaçdaky (zapasdaky) ofiserleri we raýat goranyşyň şepagat uýalary taýýarlanylýar.

Taýýarlyk

Studentler 1-nji kursy tamamlanlaryndan soň okuwlarynyň ahyryna çenli bu harby kafedralarda harby türgenleşik okuwlaryny geçýärler. Ýokary okuw jaýynyň öz adynyň efirde tutulmagyny islemedik mugallymy ätiýaçdaky harby ofiserleriň agzalan ýokary okuw jaýlarynyň berýän biliminiň aýratynlyklaryna görä taýýarlanýandygyny gürrüň berdi.

Mysal üçin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki harby kafedrada umumy goşun ofiserleri taýýarlanan bolsa, Oba hojalyk uniwersitetinde awtomobil we bronirlenen tehnikalar goşunlary üçin ätiýaçdaky ofiserler taýýarlanypdyr.

Harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryndaky harby kafedrada okan studentlere okuwlaryny tamamlanlaryndan soň ätiýaçdaky leýtanant harby çini berilýär.

Türkmenistanda okuwyny tamamlan talyplar, adatça, iki ýyl harby gullugy geçmeli ýokary bilimi bolmadyk ýaşlardan az möhlet gulluk edýärler. Ýokary okuw jaýyny tamamlan ýigitler S.Nyýazow döwründe 1 ýyl 6 aý gulluk eden bolsalar, Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen bu möhlet bir ýyla getirildi.

Ýokary bilimi bolan esgerleriň aglabasy gulluk döwrüniň başdaky üç aýynda seržantlary taýýarlaýan ýörite okuw-hünärmentçilik harby bölümlere ugradylýar.

Azatlyk Radiosyndan alnyp çap edilen. Şu makalaň hemişelik salgysy http://www.azathabar.com/content/article/26685745.html 
Copyright (c) 2011. RFE/RL, Inc. Reprinted with the permission of Radio Free Europe/Radio Liberty, 1201 Connecticut Ave., N.W. Washington DC 20036.

ОБСУДИТЬ (0)