Aşgabat ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolany bäri, bu sport çäresine görülýan taýarlyk raýatlaryñ egnine agyr ýük boldy. Esasy adam hukuklarynyñ, raýat erkinlikleriniñ yzygiderli bozulýandygy, başgaça pikir edýänleri basyp ýatyrýandygy üçin halkara guramalary tarapyndan berk tankytlanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyñ totalitar režimi ýerli ilata Türkmenistany we ýurduñ baştutanyny dünýäde giñden tanatmak üçin ähli mümkinçilikleri ulanýar. Aziýa oýunlarynda Aziýanyñ we Okeaniýanyñ ösen we demokratik ýurtlarynyń gatnaşmagy şeýle mümkinçilikleriñ biridir. Bu demokratik ýurtlar öz türgenlerini Aşgabatda geçiriljek Aziada oýunlaryna ibermekden saklanmagy üçin aşakda getirilen 5 sebäbi bar.
- Aziada on müňlerçe adamy öýlerinden mahrum etdi
2014-nji ýylyñ mart we 2015-nji ýylyñ aprel aýlary aralygynda türkmen hökümeti paýtagty abadanlaşdyrmak meýilnamasyna salgylanyp, Çoganly şäherçesinde on müñe golaý ýaşaýyş jaýy ýykyp-ýumurdy, iñ azyndan elli müñ adamy öýsüz-öwzarsyz goýdy. “Halkara Amnistiya” guramasy mejbury göçürilen adamlaryñ ykbaly bilen gyzyklanyp, Çoganlynyñ emeli hemra arkaly düşürülen öňki we soňky suratlaryny deňeşdirdi we ýerli ilat bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Bolan wakanyñ gözli şaýatlarynyñ we öýsüz galan raýatlaryñ beren maglumatlaryna görä, ýerli ilat öz mal-mülküni, şahsy emlägini goramak üçin çaga-çugalary bilen ekskawatoryń öñüne çykyp öz nägileligini bildiripdir. Emma Türkmenistanda häkimýetleriñ eden-etdiliklerine garşy durmak entek hiç kime-de başartmady. «Azatlyk» radiosynyñ 2015-nji ýylyñ mart aýynda beren habaryna göra, garşylyk görkezmäge üýşen aýal-gyzlar polisiýa işgärleri tarapyndan dargadylypdyr. Protest bildirmäge çykan zenanlaryñ biri özünden gidipdir we birnäçe wagtdan soň aradan çykypdyr. Jaýlary ýykylan adamlara ne wagtlaýyn jaý hödürlenipdir ne-de gurluşyk etmek üçin ýer paýlanyp berilipdir.
- Maliýe aýdyñlygyñ bolmazlygy we hasabatyñ berilmezligi
Çoganly şäherçesindäki jaýlaryň ýykylmagyna Ginnesiñ Rekordlar kitabyna giren Aşgabadyñ täze gurulan halkara aeroporty sebäp boldy. Bary-ýogy 22 ýyl ulanylan we türkmen paýtagtyna gelip gidýän az sanly ýolagçylara añry ýany bilen hyzmat edip duran «köne» howa menzili bolsa ýumruldy. Bahasy 2.2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan täze aeroportyñ gurluşygyny ýurt baştutany bolan Berdimuhamedow ýeketäk özi, hiç hili halkara tenderini gurnamazdan, göni «Polimeks» atly türk gurluşyk firmasyna tabşyrdy. Mundan birnäçe aý soñ Stambulda üstünde 1.3 tonna altyn bolan Türkmenhowaýollary uçary saklandy. Deklarasiýa edilmedik yüküñ “Polimeks” firmasyna degişlidigi anyklandy. Resminamalarda uly möçberdäki santehnika enjamlary diýip görkezilipdir.
Raýat jemgyýeti ösen, garaşsyz habar serişdeleriñ bolan ýurtlarda beýle waka uly goh-galmagalyñ, hat-da ýañy-ýakynda Günorta Koreýadaky ýaly, jenaýat işleriñ gozgalmagyna, wezipeli adamlaryñ wezipesinden çetleşdirmegine itergi bolardy. Emma, gynansakda, Türkmenistanda ne raýat jemgyýeti ne-de garaşsyz media bar. Şeýlelikde «Polimeks» firmasyna hiç hili çäre görülmedi. Gaýtyp bolan wakañ yz ýany bu türk gurluşyk şirketine Aziýa oýunlaryny geçirmäge niýetlenen, bahasy 5 milliard dollardan gowrak bolan Olimpiýa şäherçesiniñ gurluşygy tabşyryldy. Bu sport şäherçesi gurulanda-da Türkmenistanyñ ýaşaýjylary, Aşgabadyñ halkara aeroportynyñ gurlušygynda boluşy ýaly, köp zatlardan, ýagny gurluşyk şirketiñ nähili şertlerde saýlanyp alynandygyndan, binalaryñ näme üçin aşa gymmat bahadan gurulýandygyndan bihabar galdylar. Ýurduñ raýatlary bu zatlary bilmäge hakly, çüñki Aziadañ başlanmagyna 1 ýyl çemesi wagt galanda býujet boşap galýar. Bu ýagdaý bolsa döwlet edaralarynda işleýänleriñ aýlyk haklaryndan, hususy telekeçileriñ bolsa girdejisinden belli bir mukdardaky pul serişdeleri “Aziada üçin hayyr-sahawat” diýip, mejbury tutulyp alynmagy ýaly ýaramazlyklara ýetirdi.
- Häkimiýeti tankytlaýañmy? Onda türmä gidersiñ!
Prezident Berdimuhamedow, özünden öń ýurt baştutany bolan S. Nyýazow ýaly, alyp barýan syýasatynyň dogrudygyna şübhe bildirýänleri ýiti daraýar we olardan rehimsizlik bilen dynýar. Adamlary gorkuzmak, işden ýa-da okuwdan boşatmak, olara fiziki taýdan zeper ýetirmek, azatlykdan mahrum etmek ýaly hereketler korrupsiýanyñ giñden ösen, aýanlygyñ we adalatlygyñ bolmadyk şertlerinde ölüme we dereksiz ýitirim bolmalara getirýär.
2003-nji ýyldan, ýagny S.Nyýazowyň ýurdy dolandyrýan döwründen bäri, Türkmenistanda onlarça adam prezidentiñ janyna kast etmekde aýyplanyp dereksiz ýitirim boldy. Olaryň arasynda iki sany oñki daşary işler ministri: Boris Şyhmyradow (1995-2000 ýyllar) we Batyr Berdiýew (2001-2002 ýyllar). Bularyñ hiç biriniñem şeýle hem 2000-nji ýyllaryň başynda geçirilen repressiw çäreleriñ netijesinde türkmen türmelerine düşüp soñra ol ýerde ýitip giden ýüzlerçe beýleki adamlaryñ soñky ykbaly barada şu wagta çenli hiç hili maglumat ýok.
Şeýle hem ýañy-ýakynda, hamana nädogry din ynanjyny ýöretmekde aýyplanyp azatlykdan mahrum edilen Lebap welaýatynyñ 60-a golaý ýaşaýjylary barada-da hiç hili habar ýok. Olaryñ ýolbaşçysy diýip aýdylan 34 ýaşly Bahram Saparowy iň soñky gezek 2014-nji ýylda Owadan-Depe atly iñ elhenç tussaghanada görüpdirler. Ony görenleriñ aýtmagyna görä, Bahramyñ ýüzi-gözi yzygiderli gynamalaryñ we urgylaryñ netijesinde tanap bolmajak derejä çenli ýetipdir.
Türkmen türmelerinde syýasy ulgama garşy gidip, ýurtdaky eden etdilikler barada daşary ýurtly diplomatlara we žurnalistlere habar ýetirenler hem bar. Olaryñ hemmesi neşe serişdelerini bikanun ulanmakda ýa-da ýaýratmakda günäli tapylyp, uzak möhletli türmä basylan. Şeýle batyrgaýlyk görkezenleriñ arasynda etniki buluçlaryň hak-hukuklaryny goraýan aktiwist Mansur Mingelow hem bar. Ol neşä garşy döwlet gullugynyñ işgärleri tarapyndan derñew astyndaky buluçlaryñ urulup gynamalara sezewar edilendigi baradaky 11 sany wakany bellige alýar we gorkmany bu maglumatlary ABŞ-nyň ilçihanasyna, ÝHHG we Türkmenistanyñ Baş prokuraturasyna ýetirýär. Şondan soñ häkimiýetler M. Mingelowyñ özüni Türkmenistanyñ Jenaýat Kodeksinin birnäçe agyr maddalary boýunça, şol sanda neşe serişdeleri bilen bagly jenaýatlarda aýyplap, ony 22 ýyl azatlykdan mahrum edýärler.
Aziada-2017 niýetlenip amala aşyrylan uly göwrümli gurluşyklaryñ fonunda ýurt içindäki kemçilikler barada, ýagny agyz suwuñ ýokdygy, ýollaryñ hiliniñ ýaramazdygy we saglyk öýleriniñ işi kadasyz alynyp barylýandygy baradaky maglumatlary “Azatlyk” radiosyna hem-de Türkmenistanyň Alternatiw Habarlaryna ýetirenligi üçin 2015-nji ýylyň tomus aýynda ýerli raýat aktiwisti we habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew, neşe serişdelerini ulanmakda günälenip, ýapyk kazyýetiñ hökümi bilen 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi. BMG-nyñ degişli işçi topary Nepeskuliyewyñ tussag edilmegini eden-etdilikli diýip hasaplady we ony derhal tussaghanadan boşadylmagyny talap etdi.
- Türkmenistanda gulçylyk bar
Her ýylyň güýzünde, ýurduñ döwlet işgärleri, hususanam mugallymlar we lukmanlar, pagta ýygymyna mejbury çekilýärler. Ýygyma gatnaşmakdan boýun gaçyrýanlara ýa-da ýolbaşçylar tarapyndan bellenen möçberdäki pagtany ýygmadyklar üçin her hili görnüşli jezalandyryjy çäreler, şol sanda käýinç yglan etmek, aýlyk gazanjyndan mahrum etmek, işden kowmak ýaly çareler giñden ulanylýar. Adamlar häkimiýetleriñ talabyna mejbury tabyn bolup, pagta ýygymyna gatnaşýarlar, çüñki ýurt içindäki işsizligiñ derejesi gaty ýokary. Şu sebäpden dünýäde belli söwda belgili firmalaryñ birnäçesi türkmen pagtasyny satyn almagyny bes etdi, ABŞ-nyñ hökümeti bolsa özüniñ adam söwdasy boýunça taýýarlan ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyñ derejesini has pese düşürdi.
2016-njy ýylyñ güýzünde Türkmenabatly Gaspar Matalaýew öz raýat hukugyny amala aşyryp, pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiñ köpçulikleýin ulanylýandygy barada habar berdi. Ol tussag astyna alynyp, 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi. G.Matalaýew, M.Mingelow we S.Nepesgulyýew özlerine formal taýdan bildirilen aýyplamalar boýunça däl-de syýasy sebäpler boýunça azatlykdan mahrum edilendigini her ýylda yzygiderli yglan edilýan günä geçişler her aýdyñlygy bilen görkezýär. Ady agzalan tussaglaryñ hiç birine-de ol günä geçişikler degişli bolmady.
Mejbury zähmet bilen ýygnalan pagtadan Aziada-2017 gatnaşjak türgenlere sport eşikleri, ýaryşyñ myhmanlaryna bolsa el we ýüz süpürgüçleri, ýorgan-düşekçeleri tikmeklik göz öñünde tutulýar.
- Öý haýwanlaryñ köpçülikleýin öldürulmegi
Aziada sebäpli Aşgabadyň jemagat hyzmaty gullugunyñ işgärlerine şäheriñ köçelerini pişikdir itlerden arassalamak barada häkimiýetler tarapyndan görkezme berildi. Formal taýdan öý haýwanlaryñ öldürulmegi «arassaçylyk çäresi» bilen düşündirilýar. Emma hakykat ýüzünde bu beýle däl. Itler we pişikler Aziadañ esasy guramaçysy we puhlandyryjysy bolan prezident G. Berdimuhamedowyň gözüne görünmezlik üçin ýowuz görnüşde ýok edilýär. Haýwanlary öldürmek işinde demir turbalar, piller we bogup öldürmek üçin niýetlenen ýüpler ulanylýar.
Janawarlaryñ eýeli ýa-da eýesizdigine garamazdan deň derejede, köp halatlarda bolsa çagalaryň we köçede gezdirmäge çykarylan jandarynyñ dadyna ýetişmedik eýesiniñ gözüniň öňünde wagşylyk bilen öldürülýar. Öldürülen haýwanlaryñ maslykdyr galyndylary şäheriň daşynda gazylan çukurlara atylýar. Käte öý haýwanlar we olaryñ ýañy dogulan nesilleri awy-zäher garylan iýmit bilen öldürülýar. Olar gaty elhenç ýagdaýda jan berýärler. Ýurduñ içinde haýwanlary gorap çykyş edýän raýatlar tarapyndan şeýle pajygaly wakalaryñ bir-iki däl-de ýüzlerçesi bellige alynyp, surata we wideo düşürüldi. Bu hereketleri üçin olar häkimiýetler tarapyndan yzarlanmalara we azar bermelere sezewar boldular, käbirleri bolsa toslama aýyplamalar bilen türmä basylmak howpynyñ astyna düşdiler.
***
Aziýanyñ we Okeaniýanyñ ösen demokratik döwletleriniň Aşgabatda geçiriljek Aziadañ ýaryşlaryna gatnaşmazlygyna başga-da ençeme sebäpler bar. Olaryñ biri hem jynsy bir meñzeş şahslaryñ arasyndaky jynsy gatnaşyklary Türkmenistanda kriminal, jenaýat derejesinde galmagydyr. Türkmenistanda polisiýa işgärleri gomoseksual gatnaşyklarda durýan ýa-da öz jynsyny üýtgeden raýatlara çydamsyzlyk görkezip, olary urup-ýenjýärler, gynaýarlar, käte bolsa zorlaýarlar. Kazyýet-medisina ekspert gullugynyñ lukmanlary bolsa beýle tüýsli raýatlary adam mertebesini kemsidiji “barlaglardan” geçirýärler. Netijede ýüzlerçe erkek adamlar özleriniñ gomoseksual gatnaşyklarda bolandygy üçin tussag edilip, soñra bolsa türmelerde türme sakçylary ýa-da beýleki tussagda saklanýanlar tarapyndan aýylganç şekillerde rehimsiz zorlanýarlar.
Aşgabatdaky boljak V-nji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çakylyk alan, ynsan mertebesine, adam hukuklaryna, raýat azatlyklaryna we kanunlara hormat goýýan döwletler özleriniñ bu ýaryşlara gatnaşmak üçin beren arzalaryny yzyna gaýtaryp alyp, bu Aziadany boýkotirlemegi zerurdyr. Çüñki bu sport çäresi sporty ösdürmäge we propagandirlemäge däl-de, ilkibaşdan G.Berdimuhamedowyn şahsyýet kultynyň berkemegine, pugtalanmagyna, diktatoryñ şahsy baýlyklarynyñ artmagyna niýetlenip geçirilýar. Munuñ hut şeýledigini G.Berdimuhamedowyñ özi hem gizläp duranok. Ol öz ýurdunda, ak mermere bürenen Aşgabatda halkara sport çäresini geçirmek bilen, Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnuklydygyny, myhmansöýerdigini beýanat etjek bolýar. Emma bütin dünýä beýle beýanatlaryň hakykatdan has daşdadygyny bilmäge haklydyr!
Ruslan Mätiýew,
“Türkmenistanyň Alternatiw Habarlaryñ” redaktory
Hormatli redakto Ruslan Matiyew hayis hemme habarlarini sunun yali Turukmen dilinde yaz.