Men siziň watandaşyňyz menem Türkmenistanyň raýaty biziň bu gun ýurt içinde çekýän çebri azaplarymyz çekip çydardan agyr. Elbetde käbir binamys, namart ýaranjaňlaryň getirýän delilerine gorä ykdysady çökgünçilik her yurtda bolup biler ýöne gynansakda halky ezýän çokerýän zat ykdysady çökgünçilikden beter ministrleriň we ş.m. ýolbaşçylaryň namartlygy, BOŞtutanyň binebis zatgormedik açgözligi açyk-aýdyň edip kabul etmäge bogny ysman dilden girizýän kanunlary.
Gadyrly watandaşlar, bu günki jebirleri diňe agzybirlikde ýeňip bolar. Mysal üçin men öz töweregimdaki her-dürli sosial gatlakdan bolan adamlardan yurtdaky bidüzginçiliklere kim we haçan garşy çykmaly diyip soranymda:
Emeldar (çinownik) — halk aýaga galmaly sebabi kösenýän halk biziň garnymyz dok çagalarymyz mes diyip çogap berýär.
Döwlet işgäri (işçi) — hukuk goraýjy edaralarnyň ýolbaşçylarnyň borjy göniden-göni bidüzginçilige garşy durmak sebabi şolar ýaly wezipede işläp garamagynda müňläp işçi barka aýypda tutylan oglanjyk ýaly ýüzüni sallap dursalar garamaýak natsin garamaýak çärede üsgürünsede işden çykarýarlar ýa-da basýarlar.
Adaty ýaşaýjy – türmede oturanlar ýa-da maşgalasyz zatsyzlar gozgalaň etse gowy bolardy sebäbi olaryň yitirere zady ýoga öňi soňy otyrlar.
Welaýat ýaşaýjysy – paýtagytlylar göreşmeli sebäbi bize görä paýtagyta agyrrak düşýär (bärde gara reňkli ulaglar göz önünde tutulýar).
Paýtagtlylar – welaýatdakylar göreşmeli, bize gymmat bolsada iymit tapdyrýa, olar onam tapanoklar, ynha welaýatda un, çörek gyzyla dönüp barýa bu zatlar paýtagytdakylar entek duýanoklar ýöne näçe gün belli däl.
Mysal getirseň yzy kän ýöne gynansakda yekeje adam agzybir bolmak barada pikir aýtmady. Ýokarda görkezen adamlaryň hemmesi bir halk her kim öz gezeginde borjyny ýerine ýetirse bärde kynçylyk ýok döwlet halkyň hukugyny bozsa bir topar utanyçsyz ýaranjaň işgärlere ýa-da sowgada satylýan ýaşulylara bukulyp islän kanunyny giriziberse halkyň asudaja jemlenip garşy durmak borjy we hukugy.
Hukuk goraýjy edaralaryň borjy şol raýatlary basyp öldürip türmede ýitirmek däl-de hukugyny we azatlygyny goramak iň erbedem siz namartlarça baş galdyranyň maşgalasyna degýäňiz garry-gurty, aýal-uşak diýmän ahlisine jebir çekdirýärsiňiz.
Siz hukuk goraýjy edara diyip at göterýärsiňiz iş ýüzinde beýle däl aslynda siz kim? Siziňem çagalaryňyz barmy? Şol siziň çagalaryňyz erteki gün siziň edýän bidüzgünçiligiňizde ýaşap siziň namart hereketleriňizden görelde almazmy? Siz harby kasam içeňizde gurbangula ýa-da mulikowa we ş.m.gulluk ederin diýip içen dälsiňiz Türkmenistan watanyma türkmen halkyna gullyk etjekligiňiz barada kasam içensiňiz. Siz halky ezýän kanynlary düzgünleri ýerine ýetirmeseňiz aç ölersiňizmi? Siz gündelik gulagyny kesip ýedi gat hamyny sypyrýan halkyňzdan gelip çykmadyňyzmy?